Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

12:2213.03.2025
0
5990
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Mejlisi

12-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülýän, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialog hem-de bitaraplyk ýörelgeleri bilen bagly kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň BMG-niň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem, 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylandygyny ýatladýarys.

Taraplar çagalaryň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň käbir kesellere garşy immunitetini ýokarlandyrmak üçin waksinasiýa geçirmek, şol sanda unuň we duzuň minerallar bilen baýlaşdyrylmagynyň netijesinde birnäçe keselleriň öňüni almak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny beýan etdleri. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň tagallalary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna aýratyn hemaýata mätäç çagalara operatiw bejergiler geçirilip, ýurduň ähli sebitlerindäki merkezi hassahanalara lukmançylyk enjamlaryň, «Tiz kömek» awtoulaglaryň berilendigi, şeýle hem, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde dünýä döwletleriň çagalaryna ynsanperwer kömekleriň ugradylandygyny, bu işleriň nusgalyk häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda özara tejribe alyşmakda, gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, olaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň