Türkmenistanyň kazylary şaýatlary wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler

22:0011.05.2022
0
3197

2022-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň kazylary raýat işleri boýunça şaýatlary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly sorag edip bilerler. Bu barada «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda aýdylýar. Kanun Hökümet gazetlerinde neşir edildi.

Bu kada mundan öň Raýat iş ýörediş kanunçylygynda ýokdy.

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen türkmen we rus dillerinde has jikme-jik tanyşmak üçin degişli salgylara baryň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň