Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygyny kabul etdi

23:1612.05.2022
0
3220

Şu gün — 12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň häzirki zamanyň ýagdaýlaryny, onuň geljekki ösüşini nazara alyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegine bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen Lideri dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine we halkyna özüniň bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada aýdyp, söwda-ykdysady ugurlarda bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işi ýurdumyz bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugry hökmünde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak meseleleri has-da ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabatda geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmäge gönükdirilen gatnaşyklary berkitmäge, Merkezi Aziýa döwletleriniň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, özara geňeşmeleriň üsti bilen tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýene bir ýola hoşallyk bildirip hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Talant Mamytow Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy hökmünde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň