Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdi

22:4004.05.2022
0
5897

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşler häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi. Taraplar soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini belläp, kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Açyk gapylar» syýasatyna ygrarly Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we oňa agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtap, Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi hem-de many-mazmun berjekdigine ynam bildirdi.

Mundan başga-da şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşygy geçirildi. Onda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna düýpli ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň