Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy

12:0802.05.2022
0
4805

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar sebitinde hem 6-njy tapgyryň duşuşyklarynyň tamamlanmagy bilen, ýaryşyň pleý-off tapgyryna gatnaşjak ähli toparlar belli boldy.

Duşuşyklaryň netijelerinden soňra Gündogar sebitden Koreýa Respublikasynyň «Tegu», «Çonbuk Hýonde Motors», Ýaponiýanyň «Ýokogama F.Marinos», «Wissel Kobe», «Urawa Red Daýmonds», Taýlandyň «Bi Ji Pathum Ýunaýted», Malaýziýanyň «Johor Darul Tazim» we Gonkongyň «Kitçi» toparlary ýaryşyň 1/8 finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Mundan ozal Günbatar sebitde Saud Arabystanynyň «Al-Hilal», «Aş-Şabab», «Al-Feýsali», Kataryň «Er-Raýýan», «Al-Duhail», Özbegistanyň «Nasaf», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» we Eýranyň «Fulad» toparlarynyň pleý-off tapgyryna hukuk gazanandygyny ýatladýarys.

1/8 finalyň duşuşyklary Gündogar sebitde şu ýylyň 18 ― 19-njy awgustynda, Günbatarda bolsa 2023-nji ýylyň 3-nji ýa-da 4-nji fewralynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň