Soňky habarlar

Arhiw

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

21:1529.04.2022
0
7259

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Halk Maslahatynyň agzalary döwletiň gazananlaryny, täze taryhy döwürde ýurdumyzy depginli ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de milli kanunçylygymyzyň many-mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli däpleri aýawly saklamak ruhunda terbiýelemek babatda işler dowam etdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň