Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

10:1528.04.2022
0
4730

7-nji maýda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

  • Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginde geçiriler.
  • Kabul edişlik sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçiriler.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +(99312) 39-19-20, (99312) 39-19-21.

2022-nji ýylda hukuk meseleleri boýunça raýatlary kabul etmegiň tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň