Turkmenportal logo
22.01.22
1166211662
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2022-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryny kanuny meseleler boýunça kabul etmegiň tertibi belli boldy
2022-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryny kanuny meseleler boýunça kabul etmegiň tertibi belli boldy

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň 2022-nji ýyldaky jemgyýetçilik kabul edişliginiň tertibi «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.


Raýatlary kabul etmek Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.


Anyk maglumat almak üçin şu aşakdaky nomerlere jaň edip bilersiňiz.


+99312391920, +99312391921.


2022-nji ýylda raýatlary kabul etmegiň tertibi:


  • Ýanwar — 22
  • Fewral — 05, 19
  • Mart — 12, 26
  • Aprel — 09, 23
  • Maý — 07, 21
  • Iýun — 04, 18
  • Iýul — 09, 23
  • Awgust — 06, 20
  • Sentýabr — 10, 24
  • Oktýabr — 08, 22
  • Noýabr — 05, 19
  • Dekabr — 03, 17