«Altyn asyr» Gündogar bazary işläp başlar

16:5426.04.2022
0
33830

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinden Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Altyn asyr» Gündogar bazary ozalky tertipde doly işläp başlar. Bu barada bazaryň administrasiýasy «Turkmenportal» web saýtymyza habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, her gün irden 8:00-dan 18:00-a a çenli «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň söwda dükanlary alyjylar üçin hyzmat eder. Bu ýere söwda etmäge geljek raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyp, bellenilen araçägi saklamalydyrlar.

Belläp geçsek, 2011-nji ýylyň 17-nji fewralynda açylyp ulanylmaga berlen, Türkmenistanyň iň uly bazary bolan «Altyn asyr» Gündogar bazary 100 gektar meýdany eýeleýär. Bu bazar Merkezi Aziýanyň iň iri söwda toplumlarynyň arasynda bäşinji orny eýeleýär. . Bu toplumda 2868 söwda dükany we 5006 sany söwda orny bolup uzakdan gatnaýan söwdagärler üçin myhmanhana we köp sanly naharhanalar bar.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Atamyrat Nyýazow köçesi
  • Telefon: 92 93 39
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň