Türkmenistanly erkin göreşçiler Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

06:0021.04.2022
0
14762

Türkmenistanyň erkin boýunça milli ýygyndysynyň agzalary şu günler ýokary derejedäki yklym ýaryşyna gatnaşýarlar.

Has takygy, 19 ― 24-nji aprel aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara 19-njy aprelde badalga berildi. 21-22-nji aprel günlerinde zenanlaryň arasynda medallaryň eýeleri belli bolar. 23-24-nji aprel günlerinde bolsa erkin göreşçiler ýaryşar.

Yklym ýaryşyna Aziýanyň dürli döwletlerinden 270-den gowrak türgen gatnaşýar.

Ulan-Bator şäheri mundan ozal bu ýaryşy 1993-nji we 2001-nji ýyllarda kabul edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň