Karwalýony ýeňen Ýagşymyradowyň näçe girdeji gazanandygy belli boldy

00:4220.04.2022
0
74082

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 277-niň çäginde geçirilen duşuşykdaky ýeňşinden soň 70 müň dollar girdeji gazandy. Onuň braziliýaly Rafael Karwalýony tehniki nokaut bilen ýeňendigini ýatladýarys.

Biziň ildeşimiziň gazanan pulunyň 35 müň dollary ozaldan ylalaşylan geleşik esasynda kesgitlendi. Şeýle hem, ol 35 müň dollary ýeňiş üçin goşmaça bonus hökmünde gazandy.

Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy bolsa, bu duşuşykdan soň girdejisini 30 müň dollar artdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, agşamda iň köp girdejini Patrisio Freýra, Kori Anderson we Eý Jeý Makki gazandy. Bellator bu üç pälwanyň her haýsyna 250 müň dollar berdi. Russiýaly Wadim Nemkow bolsa 80 müň dollar gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň