Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy, Aýdyň gijeler öndüren ýol yşyklaryny hödürledi, Aşgabatda GPON tory 4 kilometrden gowrak giňeldildi we beýleki täzelikler

10:4518.04.2022
0
9835

1. MMA-nyň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 277 ýaryşynyň ikinji tapgyrynda tehniki nokaut bilen braziliýaly Rafael Karwalýony ýeňdi. Döwletjan Bellatorda Türkmenistandan ilkinji wekil bolup çykyş edýär. Onuň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.

2. TSTB-2022 sergisinde Aýdyň gijeler HJ täze önümçiligini görkezdi. Sergi bölüminde ýol yşyklarynyň, awtonom ýol belgileriniň, ýagtylyk diodly pyýada geçelgeleriniň, sanly ID kartlarynyň we beýleki önümleriň ilkinji nusgalary bilen tanyşmak mümkin.

3. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ şäheriň demirgazyk böleginde 4,138 metr magistral we paýlaýjy, şeýle hem 26,560 metr içerki optiki-süýümli kabelleri geçirdi. Müşderileri tora birikdirmeklik kabeli desganyň göni özüne çekmekligi göz öňünde tutýan GPON tehnologiýasy esasynda amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti BMGÖM-den iki sany «GAZel» kysymly ýük awtoulaglaryny sowgat aldy. Ulag serişdeleri «Türkmenistanyň durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy.

5. Türkmensitanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we onuň rejelenen redaksiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady.

6. Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasy şu ýylyň ilkinji üç aýynda 11 630 tonna un öndürdi: 3847 tonna ýokary hilli we 7 783 tonna birinji hilli. Şeýle hem bu ýerde 45 tonna mannyý ýarmasy we 3514 tonna kepek öndürildi.

7. «Kitçiniň» 30 ýaşly türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 1-nji tapgyrynyň «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen geçirilen duşuşygynyň (1:0) iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ruslan Mingazowyň geçiren goly Gonkongyň klubuna AFK Çempionlar ligasynyň başlangyç oýnunda üstünlik gazanmagyna ýardam etdi.

8. Şu gün aşgabat wagty bilen 22:15-de AFK-2022 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynyň «Ahal» bilen «Fulad» arasyndaky duşuşygy geçiriler. Duşuşygy göni ýaýlymda IRIB Varzesh eýran teleýaýlymy görkezer.

9. Gwatemalada indeý “Maýalaryň” gadymy senenamasy tapyldy. Arheologlar tapyndyny San Bartolodaky ýazgyly freskalaryň arasyndan tapdylar. Alymlaryň pikirine görä, maýalaryň meşhur senenamasy biziň eramyzdan öňki 300-200-nji ýyl bilen senelenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň