Turkmenportal logo
16.04.22
1116011160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasynda 11 müň tonnadan gowrak un öndürildi
Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasynda 11 müň tonnadan gowrak un öndürildi

Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasynda şu ýylyň ilkinji üç aýynda 11 müň 630 tonna un öndürildi: olardan 3 müň 847 tonnasy ýokary hilli, 7 müň 783 tonnasy birinji hilli undur. Bu barada jeyhun.news web saýtynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde mannyý ýarmasynyň 45 tonnasy, kepegiň 3 müň 514 tonnasy, öndürildi.


Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 80 müň tonna bugdaý ununy öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de, kärhanada 100 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen elewator bar.