Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Jenaýat kodeksiň rejelenen görnüşi tassyklandy

23:2516.04.2022
0
20100

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu günki geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy we kodeksiň täze rejelenen görnüşi tassyklandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Kodeksiň rejelenen görnüşi merkezi metbugatda çap ediler.

Mundan başga-da şu günki mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde halkara resminamalaryny tassyklamak, şeýle-de halkara şertnamalaryna goşulmak, käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kararlaryň birnäçesi kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň