Top.Mail.Ru

«Türkmenpoçtada» ýük eltip bermek hyzmatyň bahasy 50%-e çenli arzanlady

10:1118.04.2022
0
8249

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabatda, şeýle-de welaýatlara çaparçylyk hyzmaty bilen ýükleri eltip bermek hyzmatlaryň bahalarynyň 50%-e çenli arzanlandygyny ýatladýar.

«Çapar» ykjam goşundysyny ulanyp, müşderiler öýüne ýa-da iş ýerine çaparlary çagyryp bilerler. Bu ykjam goşunda täze aýratynlyklar goşuldy. Mysal üçin, raýatlar sarp edilen elektrik energiýasy, şeýle-de agyz suw üçin tölegleri uzak aralykdan töläp bilerler.

Mundan başga-da «Çapar» ykjam goşundysy arkaly raýatlar Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň jerime töleglerini, internet töleglerini (Wi-Fi), şäher telefon we ykjam aragatnaşyk ulgamlaryna tölegleri töläp bilerler. Ykjam goşundyny Google Play we App Stor-den ýükläp alyp bolýar.

Diňe bir «Çapar» ykjam goşundysy arkaly däl, eýsem, +993 12 92 14 95 telefon belgisi arkaly şeýle-de Aşgabat şäherindäki: 1, 3, 17, 32, 35 we 37-nji poçta bölümlerine baryp öz ýüklerini çaparçylyk hyzmatynyň üsti bilen iberip bilerler. Şeýle ýagdaýda poçtalar barmaly salgysyna dogry we tiz wagtda barar.

«Çaparçylyk» hyzmatynyň alyp barýan işi, şeýle-de ýükleri ibermegiň bahalary bilen raýatlar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kärhanasynyň web sahypasynda tanşyp bilerler.

Welaýatlara amala aşyrylýan çaparçylyk hyzmatlary 2-3 günüň dowamynda barmaly salga eltilip berler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň