Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumy ýoga sapaklaryny geçirip başlady

12:2715.04.2022
0
7460
Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumy ýoga sapaklaryny geçirip başlady
Surat: turkmenistan.gov.tm

Aşgabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» sport toplumynda hereket edýän ýoga we adaty lukmançylyk merkezi gaýtadan işläp başlady. «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, bu ýerde ýoga sapaklaryny hindistanly ýoga ussady hanym Şital Dalwi alyp barýar.

Bu merkez 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Şondan bäri hem şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda ýoga höwesjeňleriň sany görnetin artdy.

Merkez her ýyl Halkara ýoga güni mynasybetli dabaralary geçirýär.

Ýoga bejergisiniň Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetinde aýratyn ders hökmünde öwrenilýändigini bellemek gerek.

Ýadyňyzda bolsa, mundan öň biz Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyran Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän ýoga we adaty lukmançylyk merkezine baryp, ýoga görkezilişine tomaşa edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň