Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýarym finalçylary belli bolýar

18:1912.04.2022
0
3944

12-nji aprelde UEFA-nyň Çempionlar ligasynda iki ýarym finalçy belli bolar. Çärýek final duşuşyklarynda «Bawariýa» «Wilýarrealy», «Real» bolsa «Çelsini» kabul eder.

Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymy «Real» ― «Çelsi» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilleşdirýär. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 23:45-de başlanar. London şäherinde geçirilen birinji duşuşykda «Real» garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňipdi.

«Bawariýa» ― «Wilýarreal» duşuşygyna bolsa Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymyndan tomaşa edip bileris. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 23:50-de başlanar. Ilkinji duşuşykda Ispaniýanyň wekili 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň