Top.Mail.Ru

Nur-Sultanda geçirilýän «Gündogar wagty» sergisinde türkmen halylary görkezildi

09:3211.04.2022
0
7508
Nur-Sultanda geçirilýän «Gündogar wagty» sergisinde türkmen halylary görkezildi
Surat: orda.kz

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçirilýän «Gündogar wagty» sergisinde türkmen haly önümleri kärhanasy bilen iş alyp barýan MARUS Group tarapyndan 9 sany elde dokalan türkmen haly önümleri görkezildi. Bu barada orda.kz web saýtynda habar berilýär.

«Kulanshi» häzirki zaman sungat merkeziniň dolandyryş geňeşiniň başlygy, doktor Leýla Mahat bu barada öz pikirini paýlaşdy:

«Türkmen halylary bilen meşgullanýan kompaniýany açmagymyz meniň üçin üýtgeşik açyş boldy. Türkmen halylarynyň bezeginiň her bir nagşy özboluşly mana eýe. Türkmen halyçylarynyň halynyň ýüňüniň haýsy reňklere boýalandygyny, halynyň haýsy goýnuň ýüňünden edilendigini we haýsy öri meýdanlarynda bakylandygyny aýdyp bilmekleri meni haýran galdyrýar. Bu bolsa türkmenleriň öz däp-dessurlaryny ýokary sylag mynasyp görüp saklaýandyklaryna şaýatlyk edýär» diýip, belleýär.

17-nji maýa çenli dowam etjek sergide Gazagystanyň dizaýnerleriniň — Global Nomada Moda Awards bäsleşiginiň ýeňijileriniň, özbek suratkeşleriniň we türkmenistanly ussat halyçylaryň işleri bilen tanşyp bolar.

«Gündogar wagty» sergisi «Fotobank Kulanshi» sungat merkezinde geçirilýär.

«ForteBank» paýdarlar jemgyýetiniň aragatnaşyk bölüminiň müdiri Kerkin Uderbaý:

«Şu gün Özbegistanyň suratkeşleriniň döreden ajaýyp işleriniň, şeýle hem bütin dünýäde meşhur bolan elde dokalan türkmen haly önümleriniň täze sergisi açyldy. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen Global Nomads Moda bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan Gazagystanyň dizaýnerleriniň eserleri görkezildi. «ForteBank» Gazagystanyň medeni durmuşyny, sungatyny we sportyny goldamakda iş alyp barýar. Biziň maksadymyz gözellige goşant goşmakdan ybaratdyr» diýip, çykyşynda belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň