Röwşen Muhadow AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Ahalyň» baş tälimçisi bolar

10:4807.04.2022
0
3874

AFK-nyň Çempionlar ligasynda Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi ýörite ygtyýarnamaly hünärmen Röwşen Muhadow bolar. Ol düýn geçirilen metbugat maslahatynda hem çykyş etdi ― diýip, «Türkmen Sport» habar berýär.

60 ýaşly hünärmen dürli ýyllarda Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna we toparlara tälim berdi. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we Gazagystanyň sport ussadydyr.

«Ahal» tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny şu gije geçirer. Biziň ildeşlerimiziň ilkinji garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň