Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň medeniýet bölüminde täze jemgyýetçilik muzeýi açyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Täze muzeýiň gymmatlyklaryny Marguşuň Goňurdepe şähristanlygyndan tapylan gadymy tapyndylar bezeýär.
Mundan başga-da muzeýde gymmatlyklaryny etrabyň çäginde ýaşap geçen we ýaşaýan, ata Watanyna, il-halkyna ak ýürekden hyzmat edip, päk zähmet çeken şahsyýetleriň suratlary düzýär.
Umuman alanyňda täze muzeýde halkyň taryhyndan gürrüň berýän täsin gymmatlyklaryň 700-den gowragynyň bardygyny bellemek gerek.
Şeýle-de okaň: