Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna töleg tölemek üçin onlaýn töleg hyzmaty döredildi

17:1404.04.2022
0
19670

«Milli Pay» ykjam goşundysy gündelik sarp edilýän elektrik energiýasynyň we gazyň hasabyny girizmek hem-de oňa töleg etmek ýaly hyzmatlary onlaýn görnüşde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanan täze onlaýn hyzmat ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenendir.

Bu ykjam goşundynyň kömegi bilen jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini smartfon ýa-da planşet ulanyp, ýeňil girizmek bolýar. Şeýlelikde bolsa, indiden beýläk degişli tölegleri tölemek üçin banklara ýa-da töleg edilýän ýerlere gitmek, nobata durmak zerurlygy aradan aýrylýar. Goşundy arkaly islendik ýerden onlaýn tölegi amala aşyryp bilersiňiz.

«Milli Pay» ykjam goşundysyny App Store hem-de Google Play internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar. Şeýle-de onuň kömegi bilen raýatlar ozalky geçirilen amallaryň ählisi baradaky maglumatlary görüp hem-de olaryň resminamalaryny ýükläp alyp bilerler.

«Milli Pay» goşundysy bilen kommunal töleglerini nädip geçirmeli?

1. Goşundynyň esasy ekranynda ÝJ we JH hyzmatlarynyň görnüşini saýlap alyň:

  • Elektrik energiýasy;
  • Tebigy gaz.

2. Ýaşaýan ýeriňize degişli bölümi görkeziň:

  • Aşgabat şäheriniň bölümi;
  • Ahal welaýat bölümi;
  • Balkan welaýat bölümi;
  • Daşoguz welaýat bölümi;
  • Lebap welaýat bölümi;
  • Mary welaýat bölümi.

3. Tölege degişli maglumatlary giriziň:

  • Şahsy hasabyň belgisi;
  • Familiýasy, ady, atasynyň ady;
  • Salgysy;
  • Telefon belgisi;
  • Hasaba alyjynyň ozalky we häzirki görkezijisi.

4. Ulgam tölegiň hasabyny awtomatik usulda hasaplaýar

5. «Tölemek» düwmesine basyň we töleg edýän kartyňyzy saýlaň. Töleg hasabyňyza dessine geçer.

Ykjam goşundynyň goşmaça aýratynlyklary hökmünde onuň türkmen we rus dillerinde işlemegi, tölegleri gije-gündiziň dowamynda geçirip bolýandygy, töleg üçin ýygymyň tutulmaýandygy hem-de indiki gezekki tölegleri bir gezek düwmä basyp tölemek ýaly mümkinçiliklerini görkezmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň