Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň Prezidenti türkmen alabaýy bilen düşen wideosyny köpçülige ýetirdi

13:3704.04.2022
0
5114

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Akdus atly türkmen alabaýy bilen düşen wideosyny sosial jemgyýetçilik torunda paýlaşdy. Bu barada «Çelninskiýe izwestiýa» gazetinde habar berilýär.

«Eýýäm bir ýyl ýaşady! Çalt ulalýar. Bu gün Akdusyň doglan güni» diýip, Minnihanow ýazyp geçdi.

Türkmen alabaýynyň güjüjegi 2021-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa sowgat berildi. Türkmen alabaýynyň ady tatar dilinde terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň