Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler

11:1902.04.2022
0
8790

1. Şu gün Gün dogandan Türkmenistanda musulmanlar üçin mukaddes Remezan aýy başlandy. Orazanyň birinji güni — 2-nji aprele düşdi.
Remezan aýynyň dowamynda musulmanlar ertir namazyndan agşam namazyna çenli oraza tutarlar. Şu ýyl Oraza 2-nji maýda tamamlanýar.

2. Türkmenistanda harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi 1-nji aprelden 30-njy iýun aralygynda dowam eder. Çagyryş boýunça harby gullugy geçmek üçin 18 ýaşyny dolduran we möhletini yza süýşürmäge esasy bolmadyk raýatlar çagyrylýar.
Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullukçylar harby gullugy ýaragly güýçleriň, içeri işleriň, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň gorag gullugynyň düzümlerinde geçýärler.

3. Türkmenistana üç günlük döwlet sapary bilen Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary wezipeli myhmany Prezident Serdar Berdimuhamedow garşy aldy.
Ýokary derejedäki gepleşikler şu gün geçiriler. Bu sapar Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýar.

4. RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasy wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawyny täzeledi. Indiden beýläk, arza berenler hökmany tertipde şahsy maglumatlaryny işläp taýýarlamaga rugsat berýän natorial taýdan tassyklanan razylyk bermeli.

5. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy TNGIZT-de bitewi toplaýyş, gaýtadan işleýiş we geçiriş ulgamly (SCADA) nebiti we nebit önümlerini hasaplaýşyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek üçin potratçylary gözleýär.

6. Katarda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi. 29 sany gatnaşyjy 8 sany kwartete paýlanyldy. Ýene-de üç sany gatnaşyjy saýlama oýunlaryň netijesinde belli bolar.
Şeýle hem dabara başlamazdan öň, La'ib atly Çempionatyň maskoty hödürlenildi.

7. Ýaponiýanyň Hökümeti kämillik ýaşyny 20-den 18 ýaşa çenli aşaklatdy. Indi, 18 ýaşyny dolduran ýaponiýalylar özbaşdak ylalaşyklara gol çekmäge, öz adynda jaý kärendesini we mobil aragatnaşygyny resmileşdirmäge hukuk aldylar.
Mundan başga-da, ýurduň 18 ýaşly raýatlary ene-atalarynyň rugsady bolmazdan durmuşa çykmaga we öýlenmäge hukuk aldylar.

8. Golliwudyň baş komigi Jim Kerri garaşylmadyk beýanat etdi. Aktýor pensiýa çykýar. Kerriniň düşündirmegine görä, ol özüni surat çekmeklige bagyş edendigini we filme düşmekden dynç almagy meýilleşdirýändigini aýtdy. «Maňa indi ýeterlik boldy» - diýip, «Brýus hökmürowan» filminiň baş gahrymany aýtdy.

9. Belarusda döwlet habar beriş serişdelerini goldamak boýunça ýygym girizildi. Mahabat berijiler daşarky mahabatlary we ulaglarda mahabatlary ýerleşdirenlerinde edilen hyzmatyň 10%-i möçberinde töleg geçmeli bolarlar.
Sosial mahabat, döwlet edaralarynyň saýtlaryndaky, döwlet habar beriş serişdeleriniň saýtlaryndaky, sport guramalarynyň saýtlaryndaky mahabatlar bu düzgüne degişli däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň