Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýazky çagyryş möwsümi başlandy

10:5501.04.2022
0
10604

Türkmenistanda möhletli harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek amala aşyrylýar – 1-nji aprelden 30-njy iýun aralygynda ýazky çagyryş möwsümi we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabr aralygynda güýzki çagyryş möwsümi.

Harby wekillikler 2022-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ykjam taýýarlyk görýärler. Ozalkylar ýaly, harby gulluga çagyryş we ätiýaja goýbermek işleri aprel-iýun aýlarynda amala aşyrylar diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň saýty habar berýär.

Harby gulluga kabul ediljek kämillik ýaşyna ýeten raýatlary lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek işlerinde ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary we döwrebap lukmançylyk enjamlary peýdalanylar.

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, möhletli harby gulluga ýurduň 18-27 ýaşyndaky erkek raýatlary kabul edilýär.

Harby wekilliklerde möhletli gulluga çagyrylan raýatlar bilen yzygiderli wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirilýär. Harby gullugyň ilkinji güni hökmünde gulluga çagyrylan raýatyň çagyryş nokadyndan harby wekillige gelen güni hasaplanylýar. Çagyryş boýunça harby gullukçylar ukyp-başarnyklaryna we raýat hünärlerine görä, harby bölümlere paýlanylýar. Harby gullukda olar harby hünärleriň birinde kämilleşerler, döwrebap harby tehnikalara erk etmegiň inçe syrlaryny öwrenerler.

Geljekki esgerlere harby güntertibe öňünden öwrenişmek zerurdyr. Adaty güntertibine görä, harby gullukçylar sagat 22:00-da uklaýarlar we irden sagat 6:)00-da oýanýarlar. Oýananlaryndan soňra esgerler beden maşklaryny ýerine ýetirýärler, uzak aralyga ylgaýarlar we turnikde özlerini çekýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň