Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda täze jemgyýetçilik desgalary gurlar

09:3130.03.2022
0
7120
Ahal welaýatynda täze jemgyýetçilik desgalary gurlar

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda we Tejen şäherinde milli maksatnamalara laýyklykda medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy, umumybilim berýän mekdepler) gurar.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, ilatly ýerleriň suw we lagym, elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtoulag ýollaryny (köçeleri) suw we lagym arassalaýjylary gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bolan hem-de resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.

Ähli isleg bildirýän ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ibermeli: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Änew köçesiniň 4-nji jaýy. (Welaýatyň Düýpli gurluşyk müdirligi).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40. Faks belgisi: (+93 12) 57-43-27.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň