Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda söwda nokatlarynda işleriň alnyp barlyşyna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň häkimine bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow Türkmenistanyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, şunuň bilen baglylykda, jemagat hojalygynyň gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim iş maslahatynyň dowamynda Aşgabatda ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işleriň geçirilişi barada hem hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häkim R.Gandymowyň hasabatyny diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aşgabatda ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekip, Aşgabadyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap derejede ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklaryny, ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygyny belläp, bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimine degişli görkezmeleri berdi.