Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň futbol ýygyndysy «Nowruz kubogyna» mynasyp boldy

23:5029.03.2022
0
3327

Özbegistanyň futbol ýygyndysy «Nowruz kubogy» atly ilkinji gezek geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Finalda Özbegistanyň we Ugandanyň ýygyndylary duşuşdylar. Duşuşyk ýerli futbolçylaryň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Özbek ýygyndysynyň gollarynyň üçüsini hüjümçi Eldor Şomurodow geçirdi. Bir pökginiň awtory bolsa Jaloliddin Maşaripowdyr. Ugandanyň ýygyndysynda Faruk Miýa bilen Emmanuel Okwi tapawutlandy.

Gyrgyzystany 1:0 hasabynda ýeňen Täjigistanyň ýygyndysy ýaryşda üçünji orny eýeledi.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň Namangan şäherindäki Merkezi stadionda geçirilendigini ýatladýarys. Bu ýaryş Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň guramagynda özbek futbolynyň 110 ýyllygyna bagyşlandy.

Namangandaky ýaryş Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol ýygyndylary üçin Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklaryna taýýarlykda uly ähmiýete eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň