Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň futbol ýygyndysy «Nowruz kubogynyň» ýarym finalynda Gyrgyzystany ýeňdi

23:5625.03.2022
0
4421

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy «Nowruz kubogy» atly halkara ýaryşyň ýarym finalynda gyrgyz ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Namangan şäherindäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşygyň eýýäm 6-njy minudynda Gyrgyzystan Mirlan Murzaýewiň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Myhman ýygyndynyň bu artykmaçlygy duşuşygyň 65-nji minudyna çenli saklandy. Şol minutda «Romanyň» hüjümçisi Eldor Şomurodow özbek ýygyndysynyň haýryna hasaby deňledi. Duşuşyga ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan giren Igor Sergeýew bolsa 85-nji we 91-nji minutlarda tapawutlanyp, milli ýygyndysyna üstünlik getiren gollary geçirdi.

Özbek futbolçylary finalda Ugandanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolsa Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler. Bu duşuşyklaryň ikisi hem 29-njy martda bolar.

Ýaryşy Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň guraýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň