Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama oýunlarynda 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

17:3923.03.2022
0
4661

24-nji martda futbol boýunça dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň 9-njy gününiň duşuşyklary geçiriler.

Bu tapgyryň duşuşyklaryna geçen ýylyň 2-nji sentýarynda badalga berildi we olar 29-njy martda tamamlanar. Bu tapgyrda geçen tapgyrlardan üstünlikli geçen iň güýçli 12 ýygyndy ýaryşýar. Olaryň dördüsi Katarda geçiriljek dünýä çempionaty üçin gönüden-göni ýollanma alsa, biri sebitara saýlama duşuşygyny geçirer. Şeýlelikde, her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Üçünji orny eýelänler ilki biri-biri bilen duşuşar. Iki duşuşykdan ybarat göreşiň ýeňijisi soňra yklymara duşuşyga gatnaşar.

Mundialyň özüniň 21-nji noýabr ― 18-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriljekdigini ýatladýarys. Häzirki wagtda oňa gatnaşjak ýygyndylaryň 15-si belli boldy. Olaryň ilkinjisi ýer eýeleriniň ― Kataryň ýygyndysydyr. Şeýle hem AFK-dan Eýran we Koreýa Respublikasy, beýleki yklymlardan Serbiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Belgiýa, Daniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Germaniýa, Angliýa, Braziliýa we Argentina dünýä çempionatyndaky ýerini berkitdi.

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

  • Awstraliýa ― Ýaponiýa
  • Koreýa Respublikasy ― Eýran
  • Wýetnam ― Oman
  • Liwan ― Siriýa
  • Hytaý ― Saud Arabystany
  • Yrak ― BAE.

Toparçalaryň ýagdaýy:

«A» toparça

Orun

Ýygyndy

O

Ý/D/U

P.g.

Utuk

1

Eýran

8

7/1/0

13-2

22

2

Koreýa Respublikasy

8

6/2/0

11-2

20

3

BAE

8

2/3/3

6-6

9

4

Liwan

8

1/3/4

5-8

6

5

Yrak

8

0/5/3

4-11

5

6

Siriýa

8

0/2/6

5-15

2

«B» toparça

Orun

Ýygyndy

O

Ý/D/U

P.g.

Utuk

1

Saud Arabystany

8

6/1/1

10-5

19

2

Ýaponiýa

8

6/0/2

9-3

18

3

Awstraliýa

8

4/3/1

15-6

15

4

Oman

8

2/2/4

8-10

8

5

Hytaý

8

1/2/5

8-16

5

6

Wýetnam

8

1/0/7

7-17

3

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň