Soňky habarlar

Arhiw

«Bärde Biz» biznes gollanmasynyň üçünji sany neşir edildi

16:4417.03.2022
0
7102

«AkEnMar» PR agentligi 15-nji martda «Bärde Biz» biznes gollanmasynyň üçünji sanyny neşir etdi. Bu PR taslama 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýola goýlup, şol döwürde 2 gezek neşir edilipdi.

Biznes gollanmasynyň üçünji neşirinde Türkmenistanyň 134 sany kärhanasy, şol sanda olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary, öndürýän harytlary, restoranlar, kafeler, dükanlar, dermanhanalar, salonlar we fitnes klublar barada maglumatlar ýerleşdirildi.

«Bärde Biz» biznes gollanmasynyň tiraž sany 10 müň ekzemplýar bolup, ýakyn wagtda ol söwda we işewürlik merkezlerinde, uçarlarda, poçta bölümlerinde, uly söwda merkezlerinde we myhmanhanalarda tölegsiz ýaýradylar.

Biznes gollanmasynda mahabat ýerleşdirmek türkmen telekeçilerine müşderileri çekmäge we işjeň hyzmatdaşlary gözläp tapmaga, şeýle-de kärhananyň önümleriniň we hyzmatlarynyň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam eder.

Gollanmanyň elektron görnüşi bilen «AkEnMar» PR agentliginiň web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň