Ahal welaýatynyň «Ahal» topary futbol çempionatymyzyň nobatdaky möwsüminiň öňýany ýerli çempionatymyzyň oýunçylarynyň birnäçesini düzümine geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Futbol çempionatymyzyň täze möwsüminiň öňüsyrasy «Ahalyň» düzümine geçen möwsüm “Aşgabatda” çykyş eden Döwran Hojamämmedow, Daýanç Nuryýew hem-de Muhammet Öwezow goşuldylar. Şeýle-de, 2020-nji ýylda “Merwede” çykyş eden Azatmuhammet Hojamuhammedow hem hünär ýoluny “Ahalda” dowam eder.
Mundan başga-da, «Ahal» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde 29 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeläpdi.
Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde “C” toparçasynda çykyş edýändigini ýatladýarys. Toparymyzyň toparçadaky garşydaşlary “Fulad Huzestan” (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE) hem-de “Al-Garafa” (Katar” toparlary bolar. AFK-nyň Çempionlar Ligasy – 2022-niň Günbatar sebitiniň toparçalaýyn bäsleşiginiň duşuşyklarynyň hemmesi hem 7-27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.