Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

15:3915.03.2022
0
4327

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada täjik Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Gutlag hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Dostlukly Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen, Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Saýlawlaryň netijesi ýokary syýasy abraýyňyzy, şeýle hem jemgyýetçilik-ykdysady ösüşi we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizi doly tassyklady.

Biz, däp bolşy ýaly, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara we özara peýdaly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň iki tarapyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere esaslanyp, Siziň bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýändigini belläsim gelýär.

Serdar Gurbangulyýewiç, Size jan saglygyny we jogapkärçilikli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dogan halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin».

«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň