Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan: Sport» bu hepde «El-Klasikony» göni ýaýlymda görkezer

23:5114.03.2022
0
13877

Türkmen teleýaýlymy Ispaniýanyň futbol çempionatynyň iň gyzykly duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam etdirýär.

Şu gün «SportMedia» sport neşiri «Türkmenistan: Sport» ýaýlymynyň şu hepdedäki göni ýaýlymlarynyň sanawyna «El-Klasikony» hem goşandygyny ýazdy. «Real» bilen «Barselonanyň» arasynda boljak bu duşuşyk 21-nji mart güni gije sagat 00:40-da göni ýaýlymda görkezilip başlar.

Ady rowaýata öwrülen bäsdeşleriň bu gezekki duşuşygy Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda bolar.

Yzda galan 27 duşuşykdan soň «Real» ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Üçünji orundaky «Barselona» bolsa ezeli garşydaşyndan 12 utugy az toplady.

Birinji aýlawdaky «El-Klasiko» 2:1 hasabynda «Realyň» ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň