«Merw» şu gün ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

17:5104.03.2022
0
3419

Şu gün Bagyr sport toplumynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iki wekili ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Has takygy, duşuşykda «Aşgabat» «Merwi» 4:2 hasabynda ýeňdi. Bu barada SportMedia habar berýär.

Sagat 15-de başlanan ýoldaşlyk duşuşygynda «Aşgabadyň» gollaryny 11 metrlik jerime urgularyndan Sylap Goşşanow we Begmyrat Pirgulyýew, oýun pursadynda Şatlyk we Hoja Gurbanowlar geçirdi.

Duşuşykda hasaby ilki bolup açan hem bolsa «Merw» bu üstünligini saklap bilmedi. Şeýlelikde, Mary şäheriniň topary «Aşgabadyň» 4 goluna diňe Alibek Abdyrahmanowyň we Söhbet Allanurowyň geçiren pökgüleri bilen jogap berdi. Duşuşygyň bir pursadynda «Merwiň» terjibeli goragçysy Begenç Alamow 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.

«Merwiň» şu günler Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini ýatladýarys. Bu ýygnanyşygyň maksady öňde duran futbol möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmekden ybaratdyr. «Merw» düýn Aşgabadyň «Altyn asyry» bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, güýçli garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Ýoldaşlyk duşuşygy, Bagyr sport toplumy, 04.03.2022 ý.

Aşgabat - Merw - 3:1.

Gollar: Sylap Goşşanow (11 m.j.u.), Şatlyk Gurbanow, Hoja Gurbanow, Begmyrat Pirgulyýew (11 m.j.u.) - Alibek Abdyrahmanow, Söhbet Allanurow.

Bellik: "Merwden" Begenç Alamow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň