Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburgda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

17:2703.03.2022
0
5032

Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň Sankt-Peterburgdaky täze binasynda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Важный узел на Великом Шелковом пути» atly sergi açyldy. Bu barada sanktpeterburg.bezformata.com saýtynda habar berilýär.

Sergide Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy, milli gymmatlyklary tanyşdyrylýar. Sergä gatnaşyjylar ýurduň gadymy şäherleri we sebitleri, Merwiň, Köneürgenjiň, şeýle-de Günbatar Türkmenistanyň binagärlik ýadygärlikleri bilen tanşyp bilerler.

Bu ýerde türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Gorkut ata» eposy ýaly gahrymançylyk eserleri we «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra» ýaly dessanlary hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki edebi gymmatlyklary köpçülige tanyşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, serginiň aýratyn bir bölümi türkmen teatrynyň we kino sungatynyň ajaýyp nusgalaryna bagyşlanandyr.

Bulardan başga hem Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki döwlet kitaphanasynda guralan sergide türkmen halyçylyk sungatyny hem-de milli atşynaslygyny açyp görkezýän bezegler ýerleşdirildi.

Iki ýurduň halklarynyň dostlugyna bagyşlanan sergi 20-nji marta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň