Türkmenistanyň futbol ýygyndysy saýlama duşuşyklary Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçirer

18:4824.02.2022
0
7235

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-e gatnaşmak üçin uly ähmiýeti bolan duşuşyklary geçirer.

«New Straits Times» neşirine görä, yklym ýaryşynyň Malaýziýadaky saýlama duşuşyklarynyň ählisi Kuala-Lumpur şäherindäki Milli «Bukit Jalil» stadionynda geçiriler.

Bu stadion 1998-nji ýylda Arkalaşygyň oýunlary üçin ýörite guruldy. Oňa 87 müň tomaşaçy ýerleşýär. 2007-nji ýylda geçirilen Aziýanyň çempionatynda şu stadion ýedi duşuşygy kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň