Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky institut dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň halkara sanawyna girizildi

11:2523.02.2022
0
17418

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň halkara «THE World Young University Rankings – 2022» sanawyna girizildi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, her ýyl çap edilýän bu halkara sanaw «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan taýýarlanyldy. Bu sanawa döredilenine 50 ýyl we ondan az wagt bolan dünýäniň tapawutlanýan ýokary okuw mekdepleri girizilýär. Sanawa girizilmezden öňürti ýokary okuw mekdepleri netijeliliginiň dürli görkezijileri, şol sanda bilim berşiň hili, ylmy barlaglar we halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi sanawa «habarçy» derejesi bilen girizildi. 2022-nji ýylyň sanawynda jemi 539 uniwersitet hasaba alyndy. Geçen ýyl bolsa olaryň sany 475-di.

Häzirki wagta Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna maglumatlar tehnologiýalary we programmalaşdyrmak, maglumatlar ulgamynyň howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we dolandyryş, aragatnaşygyň radiotehnologiýalary ulgamynda ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, bu ýokary okuw mekdep uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşe ýardam etmäge ygralylygyny kesgitleýän «UI Green Metric World University Ranking» halkara sanawyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň