Lawrow bilen Meredow Türkmenistanda geçiriljek Hazar sammitine taýýarlyk görmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

19:4122.02.2022
0
5537

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlleri Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň Moskwada geçirilen gepleşikleriniň çäginde ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada Lawrow: «Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görlüp başlandy, myhmansöýer Türkmenistanda şu ýyl bir ýere jemlenip, möhüm çözgüleri kabul edip bileris diýip umyt edýäris» diýdi.

Düýn geçirilen Hökümetiň iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Raşid Meredowa Türkmenistanda Hazar döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly Russiýada gepleşikleri geçirmegi tabşyrypdy.

Bu sammit geçen ýyl geçirilmelidi, ýöne käbir sebäplere görä, ol 2022-nji ýyla süýşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň