Soňky habarlar

Arhiw

Meredow: «Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär»

18:0522.02.2022
0
6644

Türkmenistan Russiýa bilen gatnaşyklary giň gerimde ösdürmegi maksat edinýär. TASS habar gullugynyň habaryna görä, bu barada şu gün daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy.

«Düýn Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň agzalary, sebitleriň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýörite wekiliýeti Moskwa iş saparyna ýollamaga aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy. Şundan ugur alyp, elbetde, mundan beýläk-de gatnaşyklarymyzy ösdürmegi, giňeltmegi maksat edinýäris» diýip, R.Meredow rus kärdeşi bilen bolan duşuşkda aýtdy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli duşuşýarlar.

Geçen ýyl daşary işler ministrleri Moskwada geçirilen gepleşiklerden soň biologiki howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Şu ýylyň 17-nji fewralynda, şu günki gepleşikleriň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny telefon arkaly ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň