Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler

13:4515.02.2022
0
4949

Gazagystanyň Professional futbol ligasy ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçirjekdigini habar berdi.

Duşuşyk ýurduň çempiony ― Kostana şäheriniň «Toboly» bilen Kubogyň eýesi ― Almatynyň «Kaýratynyň» arasynda geçiriler. Duşuşyk 2-nji mart güni «Astana-Arena» stadionynda bolar. Oňa 30 müň tomaşaçy ýerleşýär.

Duşuşygyň başlanjak wagty barada biraz soňrak maglumat berler. «Kaýrata» türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň