Garaşsyz Türkmenistan täze döwre girýär

18:4712.02.2022
1
14401

Türkmenistany ösdürmegiň geljek döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylar. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Siziň bilşiňiz ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň her bir tapgyryna at berýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyz ösüşiniň döwürlerini — Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu döwürleriň her biri biziň taryhymyzda öçmejek yz galdyrdy.

Biz ata Watanymyzyň ösüşiniň indiki döwrüni nähili atlandyrmaly?! Elbetde, bu her birimiziň mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza, öz öňümizde goýýan belent maksatlarymyza we ýetýän täze belentliklerimize egsilmez söýgimiz bilen gönüden-göni baglydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şu belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni bu ada çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň