Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýadan satyn aljak wagonlarynyň sanyny artdyrmakçy

13:1212.02.2022
0
12610

«Türkmendemirýollary» agentligi Russiýadan 2 müňe golaý ýük wagonyny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu baradaky maglumat Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrligi tarapyndan ýanwar aýynda taýýarlanan Russiýadan eksport ediljek önümlere gelen sargytlaryň täzelenen sanawynda ýerleşdirildi.

Täze alynjak wagonlaryň 1 müňüsi nebit önümlerini daşamakda ulanylar. Şeýle hem Türkmenistan Russiýadan ýarym wagonlary we olaryň dürli maksatlar üçin ulanyljak beýleki görnüşlerini satyn alar.

2020-nji ýylda berlen habarlara görä, satyn alynjak wagonlaryň sany 1 müň çemesidi. Görşüňiz ýaly, indi bolsa bu mukdar iki essä çenli artdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň