Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady

12:2511.02.2022
0
33668
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady
surat: TDH

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeler kesgitleniler, şeýle hem ýurdy mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň örän möhüm meselelerine garalar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň arakesme wagtynda toý sadakasy berler. Şondan soňra bolsa, Halk Maslahatynyň mejlisi dowam eder. Onuň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň