Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler

21:3618.01.2022
1
14238

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky Türkmeniň ak öýi binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçiriler.

«Türkmenportal-yň» ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ýurdy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleler jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagyna ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna serediler we olar tassyklanylar. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň