Turkmenportal logo
08.02.22
1004110041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halk Maslahaty mynasybetli paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslary ýörite hatlar bilen bezeldi
Halk Maslahaty mynasybetli paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslary ýörite hatlar bilen bezeldi

11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslaryna ýetip gelýän Halk maslahatyny mahabatlandyrýan ýazgylar ýazyldy.


Awtobuslara ýazylan «Halk Maslahaty — halkyň bähbidine», «Il bagtyýar — ýurt berkarar», «Ýaşasyn parahat durmuş!» ýaly ýazgylar ak ulaglara özboluşly bezeg berip, ýetip gelen Halk maslahaty barada habardar edýär.


Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslaryny şu hili ýazgylar bilen bezemek däbi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan eýýäm birnäçe baýramçylyklarda — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynda, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygynda ýola goýuldy.