Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmegi tabşyrdy

22:0627.01.2022
0
5554
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 11-nji fewralda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany iş maslahatyny açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumatlary berdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we degişli ministrlikler, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 30 ýyl üçin Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çözgütlerini kabul etmegiň zerurdygyny nygtap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belläp geçdi.

Milletiň Lideri iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistany ösdürmegiň täze maksatnamalarynyň jemi içerki önümiň möçberini düýpli artdyrmak, ahyrky netijede, adamlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň