Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde geçirilen hokkeý oýny örtükli oýnaldy

16:2507.02.2022
0
5545

Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilýän XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda bolan hokkeý oýnunda, Russiýanyň we Kanadanyň saýlanan ýygyndylarynyň arasynda bolan oýun örtükli oýnaldy. Kanadaly hokkeýçiler, rus hokkeýçileriniň kesel barlag netije kagyzlaryny görmezden buz meýdançasyna çykmagy ret etdiler.

Bu ýagdaýyň esasynda, oýun 1 sagat yza süýşürildi we şol wagtyň dowamynda eminler we ýygyndy oýunçylary öz aralarynda maslahat etdiler. Maslahatyň netijesinde, oýuny örtükli oýmagyň karary berildi. Bu barada Halkara Olimpiýa Komiteti habar berýär (HOK)

Kanadanyň saýlanan ýygyndysy, Russiýanyň ýygyndysyna garşy bolan oýunda 6:1 hasap bilen utuş gazanyp, topardaky liderligini goramagy başardy. Netijede, Pekin şäherinde geçirilen 3 sany hokkeý olimpiýa oýunyň jeminde, Kanadanyň saýlanan hokkeý ýygyndysy 29:3 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň