Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Altyn asyr» ikinji, «Şagadam» dördünji orna göterildi

12:5416.05.2024
0
6062

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 14-nji we 15-nji maý günleri Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olarda «Ahal» «Nebitçiden» 4:0, «Şagadam» «Energetikden» 3:1, «Arkadag» «Köpetdagdan» 5:1, «Altyn asyr» bolsa «Aşgabatdan» 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu netijelerden soňra çempionatyň ýaryş tertibinde hem käbir özgertmeler bolup geçdi. 10-njy tapgyryň çäginde Türkmenbaşy şäherinde geçiren jedelli duşuşygyndan soňra tehniki taýdan ýeňiş gazanmak hukugy berlen «Altyn asyr» şol ýeňşiň we şu tapgyrdaky üstünligiň netijesinde ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi. Tapgyrda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, «Ahal» üçünji orna düşdi.

Şeýle hem ýaryşyň dördünji we bäşinji orunlaryny eýeleýän toparlar hem ornuny çalyşdylar. Şu tapgyra çenli dördünji orunda gelen «Merw» tapgyrda dynç aldy. Mary şäherinde «Energetigi» ýeňen «Şagadam» bolsa utugyny «Merwiň» utugy bilen deňläp, dördünji orna göterildi.

Ýaryşyň doly tertibi aşakdaky ýaly:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Arkadag” FK

13

13

0

0

67-7

39

2.

“Altyn Asyr” FK

13

9

1

3

31-15

28

3.

“Ahal” FK

14

9

1

4

29-16

28

4.

“Şagadam” FK

14

7

0

7

17-17

21

5.

“Merw” FK

13

7

0

6

10-20

21

6.

“Aşgabat” FK

14

5

1

8

13-30

16

7.

“Nebitçi” FK

13

4

0

9

10-29

12

8.

“Köpetdag” FK

13

2

3

8

9-26

9

9.

“Energetik” FK

13

0

2

11

7-33

2

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň