Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Altyn asyr» «Aşgabady» ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi

11:4816.05.2024
0
5123

TFF-niň çözgüdi bilen 10-njy tapgyrdaky duşuşyk üçin tehniki ýagdaýda ýeňiş gazanan «Altyn asyr» bu çözgüdiň ruhy goldawy bilen 15-nji tapgyryň duşuşygyny hem uly hasaply ýeňşe besledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri myhmançylykda paýtagtyň «Aşgabat» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdiler.

«Aşgabat» 17-nji minutda şu möwsümiň başynda «Altyn asyrdan» transfer eden oýunçysy Azat Annaýewiň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini uzak gorap bilmedi. «Altyn asyr» Selim Nurmyradowyň gollary bilen 33-nji minutda hasaby deňledi, 45-nji minutda-da öňe geçdi. 72-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedow, 77-nji minutda bolsa Arslan Saparow «Altyn asyryň» gazanan ýeňişlerini has berkitdi.

Indi 28 utukly «Altyn asyr» ikinji orunda. Topar bu orny «Ahal» bilen paýlaşýar. 16 utukly «Aşgabat» bolsa altynjy orunda galdy.

16-njy tapgyrda «Aşgabat» «Nebitçiniň» myhmany bolar, «Altyn asyr» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.

“Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:4

Gollar: 17 Azat Annaýew – 33, 45 Selim Nurmyradow, 72 Röwşengeldi Halmämmedow, 77 Arslan Saparow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň