«Al-Jazira» dünýäniň klublaýyn çempionatynda Okeaniýanyň iň güýçli toparyny ýeňdi

04:0004.02.2022
0
2664

Futbol boýunça dünýäniň klublaýyn çempionatynyň birinji tapgyrynda BAE-niň «Al-Jazira» topary Fransuz Polineziýasynyň «Pirae»toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, BAE-niň çempiony ýaryşyň çärýek finalyna çykmaga hukuk gazandy. Toparyň çärýek finaldaky garşydaşy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary bolar.

Duşuşyk 6-njy fewralda Abu-Dabi şäherindäki «Mohamed bin Zaýed» stasionynda oýnalar. Onuň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:30-da başlanmagyna garaşylýar.

18-nji gezek geçirilýän ýaryş 12-nji fewralda tamamlanar. Oňa «Çelsi», «Palmeýras», «Al-Ahli», «Monterreý» toparlarynyň hem gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Dünýäniň klublaýyn çempionatynyň soňky ýeňijisi nemesleriň «Bawariýasydyr».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň